Güneş ulgamynyň iň jedelli jisimi pluton

Çünki

2194830
Güneş ulgamynyň iň jedelli jisimi pluton

Gepleşigimiziň bu sanynda güneş ulgamynyň iň jedelli jisimi pluton hakynda söhbet etmekçi. Plutonyň açylmagy, planeta hökmünde kabul edilmegi we onuň şol derejesiniň üýtgemegi astronomiýa dünýäsinde uly seslenme döredýär. Pluton indi planeta däl, çünki diýip, söze başlaýarys.

Pluton 1930-njy ýylda amerikaly astronom Klaýd Tombau tarapyndan açylýar. Güneşden 6 milliard kipmetre barabar alysda ýerleşýän pluton, günüň daşynda aýlanmagy we belli sudura eýe bolmagy sebäpli şol seneden başlap güneş ulgamynyň 9-njy planetasy hökmünde kabul edilýär. Fizika dünýäsi şol ýyllarda planetanyň kesgitlemeginde şu günki ýaly anyk çäkler kesgitlemändigi üçin pluton şol derejesini uzak ýyllar dowam etdirýär.

Pluton kiçi göwrümli we eliptik orbitasy bilen ünsleri çekýär. 2,4 inedördül kilometre barabar göwrümi bilen pluton, dünýämiziň hemrasy bolan aýdan has kiçidir. Plutonyň göwrüminden daşgary orbitasy hem güneş ulgamyndaky beýleki planetalara görä iňňän tapawutlydyr. Şol wagty maglumatlara we kesgitleýiş kadalarynyň çäginde bu tapawutlyklara üns berilmeýär. Emma 2006-njy ýylda Halkara Astronomiýa Bileleşigi planetanyň açyk kesgitlemesi boýunça ylalaşyk gazanýar. Bu täze kesgitlemä görä asman jisiminiň planeta hökmünde kabul edilmegi üçin üç kriteriýa eýe bolmaly.

Şol kriteriýalar güneşiň daşyndan aýlanmak, öz ýerçekişi bilen tegelek görnüşe eýe boljak derejede massa eýe bolmak we orbitasyndaky beýleki jisimleri saplamak hökmünde beýan edilýär. Pluton iki kriteriýa eýe hem bolsa, orbitadaky beýleki jisimleri saplamadyk asma jisimi hökmünde planeta derejesinden çykarylýar.

Pluton indi planeta däl hem bolsa, kosmos barlaglarynda orun tutmaga dowam edýär. 2015-nji ýylda NASA-nyň uçuran emeli hemrasy plutona baryp, şol kiçi hem-de alysdaky jisimiň detally ýazygysyny alýar. Şol açyş bilen plutonyň ýokarky gatlagynyň özbolyşlyklary, atmosferasy we hemralary hakynda täze maglumatlar toplanýar. Pluton bilen bagly wakalar, tebigat ylymlarynda täze maglumatlaryň edebiýata nähili ýokary depginde girýändigini, başlangyç derejedäki bilime nähili çalt täsir ýetirýändigini görmek taýdan hem möhümdir.


Etiketkalar: #kosmos , #güneş , #pluton

Degişli Habarlar