Mustafa Ali Mehmet
Türk dünýäsine bagşedilen ömürler
Mustafa Ali Mehmet 20-nji asyryň soňky çärýeginde we 21-nji asyryň başynda meşhur taryhçy hökmünde özüni tanadan alymlardan biridir. Mustafa Ali Mehmet 1924-nji ýylda Rumyniýada dünýä inýär. Başlangyç mekdebi rumyn we türk dillerinde okaýar, soň bolsa Mejidiýede medresede bilim alýar. 1945-nji ýylda medresäni gutaran Mustafa Ali Mehmet, doglan ýerinde açylan türkçe mekdeplerde mugallym we müdir bolup işleýär. Ýokary bilim almak islän Mustafa Ali Mehmet, Buharestde pelsepe bölümine okuwa girýär. Pelsepe bölümini tamamlandan soň, Osmanlyça bilýändigi üçin Rumyniýanyň Taryh institutynda türkolog, günodogary öwreniji hünärmeni bolup 15 ýyl işleýar. 1963-nji ýylda Günorta-Gündogar Ýewropa institutyny açýar we 1965-njiýylda Mustafa Ali Mehmet Taryh institutyndan ol ýere bellenýär.
1966-nji ýylda institut tarapyndan Türkiýedäki Osman arhiwlerinde ylmy barlaglar geçirmek üçin ugradylýar. Barlaglaryň dowamynda ýüzlerçe ýyllyk resminamalary özünde jemleýän Osman arhiwinde Rumyniýa bilen bagly taryhy çeşmeleri öwrenýär. Mustafa Ali Mehmet, şol ýyllarda rumynlar üçin türkleriň taryhyny ýazmaga girişýär. Şol ýyllarda meşhur türk taryhçylary bilen görüşip, möhüm taryhy çeşmeleri ýygnaýar. Ýygnan çeşmeleriniň esasynda ýazan 500 sahypalyk kitabyny neşir edýär. Kitabynda Osman döwletiniň Rumyniýany daşarky güýçlerden nähili gorandygyny resminamalar bilen subut edýär. Şeýle hem dolulygyna türk çeşmelerinden peýdalanyp üç sany taryh kitabyny ýazýar. Şeýle hem 1970-nji ýylda sekizinji synpa çenli bolan türk okuwçylary üçin türkçe okuw kitaplaryny taýýarlaýar. Mustafa Ali Mehmet Gurhany rumyn diline terjime edip, Rumyniýadaky musulman azlyk üçin uly hyzmat edýär. Soňky döwürde “Rumyniýada Metbugatyň taryhy” atly işini tamamlan Mustafa Ali Mehmet, iňňän gymmatly eserleri türk we rumyn korpusyna uly goşant goşýar. Taryh boýy türk dilinden “rumyn diline geçen sözleri öwrenen taryhçy, dil bilen hem ýakyndan gyzyklanypdyr. Käbir işlerinde ýaşaýan ulgamy sebäpli çäkli we kynçylykly ýyllary başdan geçirýär. Rumyniýada Çawuşesku döwründen soň türk azlyklarynyň ýaşaýyş-durmuşy düýpli özgerýär. Mustafa Ali Mehmediň degişli bolan jemagaty türk dilinde gazet çykarmaga başlaýar. Ol Rumyniýadaky türkleriň ene dillerinde okamaklary üçin uly mümkinçilik bolýar. Mustafa Ali Mehmet kommunistik ulgamyň çäklendirmelerine garamazdan türk we rumyn taryhyny ýazyp, ony ylmy taýdan subut eden taryhçy hem-de türkologdyr.
1978-nji ýylda Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan iň başarjaň alymy saýlanyp, sylaglanan Mustafa Ali Mehmet 96 ýyllyk ömründe türki dünýä irginsiz hyzmat edýär. 2006-njy ýylda Türki dünýä hyzmat baýragy 9-njy Prezidenti Süleýman Demirel tarapyndan gowşurylýar. Köp sanly eser we ylmy iş ýazan Mustafa Ali Mehmet 2020-nji ýylda dünýeden ötýär. Onuň mirasy türki dünýäniň umumy taryhyna we medeniýetine bolan hormat-sylagyň nusgawy mysallaryndan biri hökmünde baky ýaşar.