Halaç Türkçesi
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi
Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 12-nji bölümi bilen biz ýene-de siziň bilen bilelikde. Gepleşigimiziň öňki sanynda Kaşkaý türkleri, Kaşkaý türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Kaşkaý türk dili barada gürrüň beripdik. Indi bolsa Halaç türkleri, Halaç türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Halaç türk dili barada gürrüň bermek isleýäris.
Halaç türk dili Türkçäniň Argu şahasynyň ýaşaýan ýeke täk wekili bolmagy taýdan möhümdir. Hatda türkçäniň gadymy aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi sebäpli häzirki wagtda ulanylýan türk dialektleriniň arasynda aýratyn ähmiýete eýedir. Halaç türk diliniň ýaşaýandygy we bardygy Germaniýadaky Göttingen uniwersitetiniň Türkologiýa bölüminiň (Gerhard Doerfer we toparynyň) 1968-nji ýylda Eýrana guran ylmy-derňew saparynda ýüze çykdy.
Halaç türk dilinde gepleýän Halaç türkleri taryhyň dowamynda tapawutly geografiýalara ýaýran bolsalar hem, häzirki günde dillerini goraýan Halaç türkleriniň ýaşaýan ýeke täk geografiýa Eýran diýip bilinýär. Eýrandan başga Türkiyede we Türkmenistanda Halaç türkleriniň köplük bolup ýaşaýandygy, emma özlerini Halaç türkleri hökmünde häsýetlendirýän az sanda ilatyň bardygy bilinýär. Olardan daşary Türkiyäniň serhetleriniň çäginde Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynda, Nigde welaýatynyň Bor etrabynda we Sakarýa welaýatynyň Hendek etrabyna degişli Halaç atly 3 oba, Bolu welaýatynyň Gerede etrabynda we Uşak welaýatynyň Banaz etrabynda Halaçlar atly 2 oba bardyr.
Halaç türkleri bilen baglanşykly ilkinji maglumatlary Oguz Han dessanynyň uýgur we pars dilindäki tekstlerinde gabat gelýäris. X - XIV asyrlarda Yslam geograflary we alymlary ady agzalan türkler barada maglumatlar beripdirler. Mundan başga-da, numizmatiki tapyndylar bu meselede bize maglumatlar berýän möhüm çeşmelerdir. Şol çeşmelerde Halaçlar “Kalaç, Halaç, Hyljy, Halajy” görnüşlerinde aýdylyp geçilýär. Ýaşan geografiýalary bolsa şu günki Owganystanyň demirgazygy, Täjigistan we Özbegistanyň günorta sebitleriniň çäginde ýerleşen taryhy Toharistan hökmünde görkezilýär. Halaçlar Amyderýanyň günortasyna irki döwürlerde göçen türk jemgyýetleriň biridir. Amyderýanyň günortasynda ilkinji gezek VII asyryň soňky çärýeginde Samangan welaýatynda tapylan iki Baktriýa resminamasynda atlary “Xalaso” görnüşinde ýazylypdyr. Hytaý ýyl ýazgylarynda bolsa (Xin - Tangshu) şol sebitde “Hedaluozhi” ya da “Gedaluozhi” atlary bilen geçipdir. Amyderýanyň günortasynda tapylan Brahma dilinde ýazylan şaýlarda “Hitivira Kharalaca” ýagny, “Halaç İlteberi” ýazylan pullardan tapyp bolýar. Gelip çykyşlary barada tapawutly garaýyşlar bardyr. Esasan hem olaryň Garlyklar bilen şol kowumdygy we Eftalitleriň galyndylarydyklary baradaky maglumatlar möhüm ähmiýete eýedir. Bu garaýyşlardan başgada olaryň Oguzlara degişlidigini aýdýan taryhçylar bardyr.
Halaç tükçesi barada aýdyp geçen ilkinji adam bolsa XI asyrda ýaşap geçen Türk dilini öwreniji Mahmyd Kaşgarly bolupdyr. Beýik türkolog özüniň Dîvânu Lugâti’t – Türk ýagny Türki Dilleriň Diwany eserinde Halaç türkleri barada gürrüň berýär we olaryň dillerinden mysallar beripdir. Şol mysallaryň aglabasy şu günki Halaç türk diline gabat gelýär.
Halaç türkçesi ençeme asyr soň ýagny 1906-njy ýylda Eýran dilleri boýunça hünärmen Wladimir Minorskiý tarapyndan tapylypdyr we Halaç türkçesi barada maglumatlar ýygnap başlapdyr. Ondan soň eýranly taryhçy we lingwist Muhammed Mogaddem, Halaçlar we Halaç türkçesi barada işler ýazypdyr, eserini 1950-nji ýylda çap edipdir. Louis Baziniň 1969-njy ýyldaky işlerinden soň germaniýaly türkolog Gerhard Doerferiň okwuçylary Semih Tezjan, Wolfgang Heşe we Genrih Şeýnhardt bilen bilelikde 1968-1973-nji ýyllar aralygynda Halaç türkçesi bilen bagly işleri, häzirki günde türkologiýa dünýäsinde “Halaç türk diliniň ýaňadandan döreýşi” hökmünde häsýetlendirilipdir. Sebäbi ady agzalan ýyllara çenli Halaç türk dili Eýranda gepleşilýän türk dialektleriň biri hökmünde kabul edilipdi, türk dilleriniň Günorta-günbatar we Oguz toparyna degişli edilipdi. Doerfer we talyplary geçiren köptaraplaýyn işleriniň netijesinde Halaç türkçesiniň, türki dilleriň gadymy we özboluşly aýratynlyklar özünde jemleýändigini aýdypdyrlar, Mahmyt Kaşgarlynyň aýdyp geçen Argu diliniň wekili hökmünde ýüze çykaryldy.
Halaç türkçesi, häzirki zaman türk diliniň geografiki we dil ýörelgelerine laýyklykda Oguz toparyna ýakyn bolmak bilen birlikde, türk diliniň bir şahasy hasaplanýar. Häzirki günde 51 000 adam tarapyndan gepleşilýändigi çak edilýän bu dialektiň resmi dil statusy ýokdyr. Eýranyň Aştiýan, Ferahan, Tefreş şäherlerinde 29 we Kum şäherinde bolsa 31 Halaç obasy bardyr. Häzirki wagtda Halaç türk dilinde gepleşýän adamlar bu obalarda ýaşaýan, orta we uly ýaşly, başlangyç we orta mekdep derejesine çenli bilim alan we ekerançylyk we maldarçylyk bilen gazanç edýän Halaç türkleridir. Uly şäherlerde ýaşaýan halaç ýaşlary ene dilini ulanmagyň ýerine ýurduň resmi dili bolan pars dilini ulanmagy makul bilýärler. Şol sebäpli resmi dil statusy bolmadyk Halaç türk dili gepleşilýän dil hökmünde barlygyny dowam etdirýär we gürleýänleriň sany günsaýyn azalýar, Halaç türk dili 2010-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan "Howp astyndaky dilleriň gyzyl kitabynda" "goragsyz dil" hökmünde hasaba alyndy.
Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Halaç türkleri, Halaç türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Halaç türk dili barada gürrüň berýän bölümiň soňuna geldik. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän başga bir geografiýada duşuşarys.