Düýn Gaza 808 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi

19-njy ýanwarda Gaza 630, ikinji güni 915 we üçünji güni hem 897 konteýnerlik ynsanperwer kömegi gelipdi.

2233736
Düýn Gaza 808 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň 19-njy ýanwarda güýje girmeginden soň Gaza ynsanperwer kömek konteýnerleri gelmäge dowam edýär.

BMG-dan berlen beýannamada, Gaza Sektoryna ylalaşygyň 4-nji gününde 22-nji ýanwarda 808 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň gelendigi nygtaldy.

Umuman alnanda azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömeginiň halka paýlanýandygy bellenildi.

Ylalaşygyň birinji güni 19-njy ýanwarda Gaza 630, ikinji güni 915 we üçünji güni hem 897 konteýnerlik ynsanperwer kömegi gelipdi.

 

 



Degişli Habarlar