Ýemendäki partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýemeniň Beýda şäherinde ýangyç beketleriniň birinde bolan partlamada azyndan 15 adam ýogaldy, 67 adam ýaralandy
Ýurduň bir bölegini gözegçiligi astynda saklaýan Husileriň saglygy goraýyş ministrligi mesele bilen bagly ýazmaça beýannama berdi.
Ýurduň ortasynda ýerleşýän Beýda şäheriniň az-Zahir etrabynda ýangyç beketleriniň birinde partlamanyň bolandygy bellenen beýannamada, wakada azyndan 15 adamyň ýogalandygy, 40-synyň saglyk ýagdaýy agyr 67 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.
Partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada entek beýannama berilmedi.
Ýemeniň günortasyndaky Aden şäherinde 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda hem ýangyç beketleriniň birinde gaz lokomotiwleriň biriniň beketde ýüküni boşaldan mahaly bolan partlamada hem 5 adam ýogalypdy, 10 adam ýaralanypdy.
Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan Husiler, 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde ýurduň käbir sebitlerini öz gözegçiliginde saklaýar.