Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde we onuň töwereginde eýýäm ençeme gün bäri dowam edýän ýangynda ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi

2229417
Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Los-Anjeles şäheriniň Kazyýet-lukmançylyk edarasy, ýangynda ýogalan adamlaryň sany barada maglumat berdi. 

Edaradan berilen beýanatda, Paliseýds we Iton sebitlerinde dowam edýän ýangynlarda ýogalanlaryň sanynyň 16 adama ýetendigi habar berildi. 

Beýanatda Iton sebitindäki ýangynda 11 adamyň, Paliseýds sebitindäki ýangynda bolsa 5 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Los-Anjeles sebitiniň tapawutly sebitlerinde 7-nji ýanwar güni agşam başlan we güýçli şemalyň täsiri bilen tiz wagtda ýaýran ýangynlarda häzirki wagta çenli 37 müň akr ýer kül boldy. 

Ýangynlarda 12 müňden gowrak bina zeper ýetdi ýa-da ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #Los-Anjeles

Degişli Habarlar