Ysraýylyň goşuny Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 612 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 105 müň 834 adama ýetdi

2217918
Ysraýylyň goşuny Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 427 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 32 palestinalynyň ýogalandygy, 95 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 44 müň 612 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 105 müň 834 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

 


Etiketkalar: #palestinaly , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar