Şols Türkiýä Sapar Eder

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols 19-njy oktýabrda Türkiýä sapara geler.

2197623
Şols Türkiýä Sapar Eder

Nemes hökümetiniň Metbugat sekretarynyň orunbasary Wolfgang Býuhner Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda Federal Kansler Şolsuň geljek hepdäniň ahyrynda Türkiýä sapar etjekdigini, 19-njy oktýabrda Stambulda Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşjakdygyny beýan etdi.

Býuhner duşuşykdan soň metbugat ýygnagynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Duşuşygyň mazmuny hakynda maglumat berip bilmejekdigini beýan eden Býuhner, emma Ukrainadaky urşuň we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýany bilen migrasiýa, özara gatnaşyklar we ykdysady syýasatlar boýunça pikir alyşylmagyna garaşylýandygyny nygtady.

Býuhner “Ýewrofaýter” harby uçarynyň satuwy meselesinde Germaniýanyň höklümetiniň eýeleýän pozisiýasy bilen bagly syraga bolsa, geçiriljek gepleşikler hakynda maglumat berip bilmejekdigini, mundan daşgary mälim bolşy ýaly ýarag eksporty hakynda giňişleýin maglumatyň berilmändigini aýtdy.

Wolfgang Býuhner: “Nemes Kansleriniň Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşygyndan elmydama täze bir zatlara garaşyp bilersiňiz” diýdi.

Býuhner saparda Ukraina urşunyň esasy orun tutjakdygyny nygtap; “Bu meselede Türkiýe möhüm pozisiýa eýeleýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar