TRT Telewideniýe
Teleýaýlym
Köp sanly milli we sebitleýin teleýaýlym kanallarynyň iş alyp barýan şertlerinde Türkiýä we dünýa “dogry we tarapsyz” habar berýän TRT, bilim, medeniýet, dokumental film, drama, sport, aýdym-saz, güýmenje mazmunly ýaýlymlary bilen Türkiýäniň %99-na we serhetleri aşyp, her bir ýaş toparyna degişli tomaşaçylara niýetlenen ýaýlymlar bilen iş alyp barýar.
TRT-niň ýaýlymlary; dürli ýaşdaky, hünärdäki, sowat we medeniýet derejesindäki tomaşaçylara dogry, bitarap, düşnükli we dessine habar bermegi, bilimiň we medeniýetin ösmegine goşant goşmagy, milli medeni jebisligi ýaýbaňlandyrmagy maksat edinýär.
TRT-1 Ähli maşgala agzalary üçin niýetlenen ýaýlym. Türkiýäniň iň bir köp tomaşa edilýän teleýaýlymy bolan TRT-1 maşgala agzalary formatynda; bilim, medeniýet, drama, aýdym-saz, şüweleňli gepleşikler, sport we habar gepleşiklerini özünde jemleýän ýaýlymlary bilen bütin Türkiýä ýüzlenýär. TRT-1 %99,9 ýaýlym giňişligi bilen Türkiýäniň çar tarapynda we internet arkaly bütin dünýäde.
TRT-WORLD Bütin dünýä iňlis dilinde ýaýlym berýän habarlar kanaly. TRT WORLD batyrgaý we ynsanperwer bähbitleri ileri tutýan düşünje bilen ýaýlymlaryny dowam etdirýär.
TRT-HABER Aktual habar, syýasat, analiz, diskussiýa, sport, dokumental film, medeniýet we sungat gepleşikleriniň täze ugry bolan TRT HABER; TRT tejribesi bilen ekranlarynyzda. Dogry we bitarap bolmagy özüne ýörelge edinen TRT HABER durmuşyň ähli ugurlaryny ekranlaryňyza ýetirýär. Dogry habar almak hukugyndan siz hem peýdalanyň. Habaryň ekrany TRT HABER ähli ýerde…
TRT SPOR 2010-njy ýylyň awgust aýynda ýaýlyma başlan TRT Spor, milli we halkara ähli sport bäsleşiklerini hem-de çarelerini göni ýaýlym we ýazgy arkaly ekranlara ýetirýär. Ýaýlym sportyň ähli görnüşlerine ähmiýet berýär.
TRT-AWAZ 2009-njy ýylyň martynda ýaýlyma başlan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkmenistan, Azerbaýjan, Bosniýa-Gersegowina, Albaniýa we Türkiýe ýaly 8 ýurtdan we şol ýurtlar mahsus 8 dilde Uza Gündogardan Balkanlara uzap gidýän sebitde ýaşaýan türki dünýäsine ýaýlym berýän kanal Türkiýe bilen türki dilli döwletleriň arasynda dil hem-de düşünje birliğini gorap saklaýar. Köp sanly türki dilde Ses manysyny aňladýan AWAZ, Türki dilli döwletleriň umumy sesi hökmünde Ýakyn Gündogardan Kawkaza 27 ýurtda we 23 Awtonom Respublikada 250 milliona golaý ilatly sebite ýüzlenýär.
TRT-ÇOCUK Döwrebap türk çagalarynyň animasiýadan aýdym-saza, habardan sporta ähli isleglerini kanagatlandyrýan ýaýlym fiziki, aň-düşünje, ruhy we ahlak taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmäge goşant goşmagy maksat edinýär. Ähliumumy pedagogiki normalarda ýokary hili, döwrebap we jogapkärçilikli ýaýlym düşünjesi bilen çagalaryň kemala gelmeginde goldaýjy we ýol görkeziji bolmaklygy özüne ýörelge edinen TRT Çojuk, türk diliniň we medeniýetinin dogry tanyşdyrylmagyny, çagalaryň bilimini we düşünjesini oýunlar hem-de dürli güýmenjeler arkaly artdyrmagy maksat edinýär.
TRT-BELGESEL Türkiýäniň nemes, fransuz, rus we türk 5 dilde dünýa tanyşdyrýan TRT Belgesel ýaýlymy taryh, jemgyýet, tebigat, daşky gurşaw, sport, medeniýet we sungat, ylym, tehnologiýa barada dokumental filmleri ýaýlyma berýär. Geçmişi geljege ýetirýän we tebigaty öwrenýän kanal 2009-njy ýylyn 17-nji oktýabrynda açyldy.
TRT-MÜZİK Türkiýäniň we dünýäniň aýdym-sazyny birleşdirýän kanalda bäsleşikler, aýdym-saz baradaky dokumental filmler, konsertler, tapgyrlaýyn gepleşikler, Top 10-lar we göni ýaýlymlar berilýär. 2009-njy ýylyn 16-njy noýabrynda ýaýlyma başlan kanal türk halk we klassiki aýdym-sazlary bilen birlikde ýerli hem-de daşary ýurt aýdym-saz ýaýlymlaryny Türkiýäniň we dünýäniň aýdym-sazyny TRT tapawudy bilen ekranlara getirýär.
TRT-EL ARABIA Türkiýäniň halkara, esasanda sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen bolan gatnaşyklaryna oňyn goşant goşmak maksady bilen işe başlan TRT Al Arabia Türkiýäniň we arap dünýäsiniň umumy dili, umumy ekrany, umumy düşünjesi bolmak üçin her bir ýaş toparyndaky tomaşaçylara ýüzlenip, çagalar, ýaşlar, zenanlar üçin niýetlenen, ykdysadyýet, drama, dokumental film, sport, aýdym-saz, medeniýet we sungat, din we ahlak, şüweleňli gepleşiklerden ybarat bolan baý mazmuny bilen 2010-njy ýylyň aprelinde ýaýlyma başlady. Arapça gepleşýän 22 arap ýurduna we arapça gepleşýänlere niýetläp ýaýlym berýän kanal 350 million ilatly arap ýurtlary bilen Türkiýäniň arasyndaki gatnaşyklary berçinleşdirmegi nazarda tutýar.
TRT-TÜRK Bütin dünýa esasan türk dilinde ýaýlym berýän kanal Türkiýe bilen türkleri tanyşdyrýan gepleşikleri, habar, medeniýet we sungat ýaýlymlary bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlarynyň we soýdaşlarymyzyn Türkiýe hem-de türk medeniýeti bilen bolan üznüksiz arabaglanşygy, kynçylyklary ýeňilleşdiriji, gynanjyň we şatlygyň şärigi… Dünýäniň niresinde bolsaňyz boluň.
TRT-KURDÎ TRT halkara derejesinde kürt dilinde ýaýlym berýän kanaly bilen Türkiýäniň halkara, esasanda sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen bolan gatnaşyklaryna oňyn goşant goşýar. Ýurdumyzyň jebisligini we bitewiligini maksat edinýän, döwrebap şertlerde her bir ýaş toparyndan tomaşaçylara niýetlenen Kürt dilindäki maşgala agzalary üçin niýetlenen TRT-Kurdi 2009-njy ýylyn ýanwar aýynda açyldy.
TRT OKUL 2011-nji ýylyn ýanwar aýynda ýaýlyma başlan TRT Okul-da Anadoly uniwersitetiniň taýarlan ders meýilnamalary we bilim-medeniýet gepleşikleri bilen birlikde TRT tarapyndan taýarlanan dürli ýaş topary üçin niýetlenen bilim-medeniýet gepleşikleri, gysgaça düşündirişler, ýaşlara niýetlenen dürli gepleşikler ýaýlyma berilýär.
TRT 3 Mejlisiň ýaýlymlaryny berýän TBMM TW we TRT Spor kanaly, TRT 3 ýaýlymynyň ekranlarynda gezekleşikli görnüşde efire çykýar.