TRT Radio

RADİO

 

Ylmy we tehnologik täzelikleriň ýurdumyza giç gelmegine elmydama nägilelik bildirýäris… Ol, radio ýaýlymlary taýdan beýle däl. Türk jemgyýeti radio bilen 1927-nji ýylyn 6-njy maýynda bütin dünýä bilen şol bir döwürde tanyşýar. 1964-nji ýylyn 1-njimaýynda TRT-niň döredilmegi bilen bolsa täze bir dörwe gadam basýar. Häzirki wagtda TRT Radiolary 5 sany milli, 5 sany sebitleýin, 3 sany ýerli we 5 sany halkara radio kanaly bilen jemgyýetçilik ýaýlymynyň jogapkärçiligi, tarapsyz, ýörelgeli ýaýlym düşünjesi, dogry we owadan Türkçesi, habar, maglumat, bilim, medeniýet, aýdym-sazly mazmuny bilen; ýurduň çar tarapyna, jemgyýetiň her bir gatlagyna ýüzlenýär.

TRT RADYO 1 Bilim, medeniýet, habar… Maglumat almak, öwrenmek isleýän her bir adam üçin… Ylym, sungat, edebiýat, teatr, sport, daşky gurşaw, ykdysadyýet, saz äleminden tazelikler… Durmuşa barasynda ähli zat… Dogry, bitarap, ýokary tizlikli habarçylyk… Türkiýäniň çar tarapynda, hemra arkaly we intenet üsti bilen bütin dünýäde… TRT Radio 1 1927-nji ýyldan biziň günlerimize… Radioňyzyň bolan ähli ýerinde...

TRT FM Syrdaşyňyz, dostuňyz, ýoldaşynyz… Öwüşginli we şowhunly ýaýlym düşünjesi, aýdym-sazlar, iň eý görülýän aýdymlar… Türkiýäniň çar tarapynda, hemra arkaly we intenet üsti bilen bütin dünýäde… TRT FM Alysy ýakynlaşdyrýan radio.

TRT RADYO 3 Elwis Presleýden Žoan Baeze, Frank Sinatradan Tjhaikowský,Mozarttan Sara Waughana çenli uzap gidýän gerimi bilen aýdym-sazyň iň bir saýlama nusgalary… Klassika bilen döwrebabyň sintezi… Türkiýäniň çar tarapynda, hemra arkaly we intenet üsti bilen bütin dünýäde…

TRT NAĞME TRT-niň arhiwinden saýlanan aýdym-sazlar we täze ýazgylar… Horlar, diňleýjileriň isleg bildirýän aýdym-sazlary, göni ýaýlymdan berilýän türk klassiki sazynyň deňi-taýy bolmadyk mukamlary… Türkiýäniň çar tarapynda, hemra arkaly we intenet üsti bilen bütin dünýäde…

TRT TÜRKÜ Aýdyşmalar, bozlaklar, dürli ýollarda ýerine ýetirilen halk aýdymlary, agylar… Ýurtdan sesler, halk bagşylary, höwesjeň toparlar… Ussatdan şägitrde uzap gidýän gadymy miras… Türkiýäniň çar tarapynda, hemra arkaly we intenet üsti bilen bütin dünýäde…

TRT MEMLEKETİM FM ​Durmuşyň şatlykly pursatlary, göçen adamlary başdan geçirenleri, üstünlikleriň kyssalary, ýurdumyzyň gymmatlyklary, dünýäniň çar tarapynda bize meňzeýän durmuş obrazlary we aýdym-sazlar… Ýaşlar we ýaşlygy elden bermeýänler üçin aýdym-saz we söhbet TRT Memleketim FM-de… TRT Memleketim FM internetde, emeli hemrada we kabel arkaly hepdäniň her güni Türkiýe wagty boýunja sagat 09:00-18:00 aralygynda ýaýlymda… Halaýan aýdymyňyzy dinlemek, gowy görýänleriňizden birine sowgat etmek ýa-da pikirdir garaýyşyňyzy beýan etmek isleseňiz Türkiýäniň şadyýan sesi TRT Memleketim FM edil golaýyňyzda…

TRT TSR Daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar we soýdaşlar üçin niýetlenen 24 sagatlyk üznüksiz ýaýlym…Dürli içerki we halkara meselelerde Türkiýäniň garaýyşlaryny beýan edýän; ýurdumyzy tanyşdyrmaga  goşant goşýan “Türkiýäniň Sesi Radiosy” (TSR) häzirki wagtda 37 dilde ýaýlym berýär.

TRT ANTALYA RADYOSU 1962-nji ýyldan şugünki güne… Ortaýer deňziniň öwüşgünleri, aýdym-sazy, medeniýeti we däp-dessurlary… Hepdäniň iş günleri 10:00-12:00, hepdäniň dynç alyş günleri 10:00-12:30 aralygynda sebitleýin ýaýlym arkaly Ortaýer deňzi sebitinde, 13:00-dan başlap bir sagatlyk möhlet bilen TRT Türkü kanalynda, Türkiýede we bütin dünýäde…

TRT ÇUKUROWA RADYOSU 1968-nji ýyldan şu günki güne… Toroslaryň durmuşy, ýerli gymmatlyklary… Hepdäniň iş günleri 10:00-12:00, hepdäniň dynç alyş günleri 10:00-12:30 aralygynda sebitleýin ýaýlym arkaly Çukurowada, sagat 16:00-dan başlap bir sagat möhlet bilen TRT Türkü kanalynda, Türkiýede we bütin dünýäde…

TRT GAP DİYARBAKYR RADÝOSU 1964-nji ýyldan şu günki güne… Günorta-gündogar Anadolynyň medeniýeti, sebitiň sesisi, folklory… Hepdäniň iş günleri 10:00-12:00, hepdäniň dynç alyş günleri 10:00-12:30 aralygynda sebitleýin ýaýlym arkaly GAP sebitinde, sagat 15:00-dan başlap bir sagat möhlet bilen TRT Türkü kanalynda, Türkiýede we bütin dünýäde…

TRT TRABZON RADYOSU 1968-nji ýyldan ýyldan şu günki güne… Gök öwüsýän tebigaty, deňizi bilen; tulumy, kemançasy bilen Gara deniz… Hepdäniň iş günleri 10:00-12:00, hepdäniň dynç alyş günleri 10:00-12:30 aralygynda sebitleýin ýaýlym arkaly Gara denizde. Sagat 14:00-dan başlap bir sagat möhlet bilen TRT Türkü kanalynda, Türkiýede we bütin dünýäde…

TRT ERZURUM RADYOSU 1960-njy ýyldan biziň günlerimize… Halk aýdymlary, folklary bilen Gündogar Anadoly… Hepdäniň iş günleri 10:00-12:00, hepdäniň dynç alyş günleri 10:00-12:30 aralygynda sebitleýin ýaýlym arkaly Gündogar Anadolyda, sagat 17:00-dan başlap başlap bir sagat möhlet bilen TRT Türkü kanalynda, Türkiýede we bütin dünýäde…

TRT KENT RADYO ANKARA Şäher baradaky ähli zat… Şäherden habarly bolmak üçin Özüniňizi şäheriň akymyna goýberiň… TRT Kent Radio Ankara FM 105,6 ýygylyklarda Ankarada.

TRT KENT RADYO İSTANBUL Şäher baradaky ähli zat… Şäherden habarly bolmak üçin Özüniňizi şäheriň akymyna goýberiň… TRT Kent Radio Stambul FM 106,6 ýygylyklarda Stambulda.

 

TRT KENT RADYO İZMİR   Şäher baradaky ähli zat… Şäherden habarly bolmak üçin Özüniňizi şäheriň akymyna goýberiň… TRT Kent Radio İzmir FM 99,1 ýygylyklarda İzmirde.

TRT RADYO KURDΠÝurdumyzyň jebisligine we bitewiligine goşant goşmagy maksat edinýän, döwrebap ýaýlym düşünjesi bilen ähli ýaşdaky dinleýijilere ýüzlenýän kürtçe radio ýaýlymy… 2009-njy ýylyň 1-nji maýynda ýaýlyma başlan Radio 6, Günorta-gündogar Anadoly sebitiniň ýaşaýjylary üçin niýetlenen. Sebitiň halky bilen döwletiň arasyndaki gatnaşyklary berkidýär we Türkiýäniň halkara gatnaşyklaryna hem oňyn goşant goşýar.

TRT RADYO HABER Ýurduň ähli gatlaklary üçin niýetlenen habar, habarlar gepleşikleri, howa we ýol gatnawy maglumaty, medeni we sungat çareleri… Halkyň durnukly habar almagy üçin dogry, bitarap, ýokary depginli habarçylyk.