Taryhça
Taryhça
Türkiýe Radio-Telewideniýe Guramasy (TRT) döwletiň adyndan radio we teleýaýlymlaryny bermek maksady bilen 1964-nji ýylyň 1-nji maýynda ýörite kanun bilen özbaşdak hukuky şahsyýete eýe gurama hökmünde döredildi. TRT 1972-nji ýylda konstitutsiýa girizilen üýtgetme bilen “bitarap” döwlet ykdysady guramasy hökmünde kesgitlendi.
1982-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýanyň hökümlerine laýyklykda 1984-nji ýylda Türkiýe Radio-telewideniýe kanuny ýaňadandan çykaryldy. Hemra arkaly ýaýlymlaryň 1986-njy ýyldan soň, Türkiýde ýaýlym berýän hususy teleýaýlymlaryň açylmagy TRT-niň 1990-njy ýyla çenli dowam eden teleýaýlymlaryndaky monopoliýasyny ortadan aýyrdy.
1993-nji ýylda Konstitutsiýanyň 133-nji maddasynyň üýtgedilmegi bilen hususy radio we teleýaýlymlaryna goýulan çäklendirmeler bes edilip, TRT-niň özygtyýarlygy ýaňadandan ýola goýuldy. TRT şu günki günde özygtyýarlygy we bitaraplygy konstitutýa tarapyndan berkidilen, radio we telewideniýe bilen ähli media serişdelerinden ýaýlym berýän jemgyýetçilik hyzmaty ýaýlymçysy hökmünde iş alyp barýar.
Türkiýe Radio-telewideniýe guramasy döredilmezden ozal ilkinji gezek “Türk Telsiz Telefon A.Ş” firmasyna baglylykda berilen radio ýaýlymlary 1964-nji ýylda TRT-niň çäginde birleşdirildi. 1927-nji ýylyň 6-njy maýynda ýaýlyma başlan Stambul Radiosyndan soň 1928-nji ýylda Ankara radiosy ilkinji ýaýlymlaryny berdi. Ankara we Stambul radiolary 1936-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda “PTT-äniň” garamagyna degişli edilýär. “PTT-äniň garamagyna” berilmeginden soň berijileri güýçlendirilen Ankara radiosy 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda resmi taýdan açylýar. 1938-nji ýylyň oktýabrynda ýaýlymlaryna arakesme beren Stambul radiosy 1949-njy ýylyň 19-njy noýabrynda ýaýlyma ýaňadandan başlaýar. 2-nji Jahan urşunyň turmagyndan soň radiolar täze döredilen Umumy Metbugat Müdirligine birikdirilýär. 1950-nji ýylda İzmiriň şäher häkimligine tabynlykda ýaýlyma başlan İzmir radiosy 1953-nji ýyldan başlap ýaýlymlaryny Umumy Metbugat Müdirligine tabynlykda alyp bardy.
1960-njy ýyldan soň sekiz welaýatda Welaýat radiolary açyldy. Radio ýaýlymlarynyň dolanşygynyň özygtyýarly we bitarap döwlet ykdysady guramasy hökmünde döredilmegi baradaky 1961-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa laýyklykda 1964-nji ýylda 359 belgili kanun bilen TRT-niň çäginde dowam eden radio ýaýlymlary, berijileriň güýçlendirilmegi bilen has giň halk köpçüligine we giňişlige ýetirildi. 1974-nji ýylda TRT-niň merkez we sebit radiolarynyň birleşdirilmegi bilen TRT-1, TRT-2 we TRT-3 radio ýaýlymlary açyldy.
Teleýaýlymlary bolsa 1968-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkiýäniň ilkinji synag teleýaýlymyny Ankarada Mithatpaşa studiosynda Mahmut Tali Öngöreniň açylyş çykyşy bilen başlaýar. Hepdede 3 gün, 3 sagatlyk ýaýlymlar bilen başlan synag ýaýlymy 1 ýyl soň hepdede 4 güne çykaryldy. 1970-nji ýylda İzmir telewideniýesi, 1971-nji ýylda Stambul telewideniýesi açyldy.
1969-njy ýylda kosmonawtlaryň aýa çykyşy we Zeki Müreniň Ankarada beren konserti teleýaýlymlar arkaly görkezildi. 1973-nji ýylda bolsa Türkiýe Respublikasynyň 2-nji Prezidenti İsmet İnönüniň jaýlanyşy göni ýaýlym arkaly görkezildi. 1974-nji ýylyň 20-nji iýulynda başlan Kipr Parahatçylyk Operasiýasyndan bütin Türkiýe we Ýewropa TRT-niň ýaýlymlary arkaly habarly boldy. Türkiýe Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine 1975-nji ýylda ilkinji gezek TRT-niň guramagynda gatnaşdy. 1978-nji ýylda ilkinji gezek suwasty kameralary bilen “Çuňlukdaky Geçmiş” atly reňkli dokumental film surata alyndy. 1979-njy ýylda 5 ýurtdan 133 çaganyň we 31 lideriň gatnaşmagynda ilkinji 23-nji Aprel Çagalar Festiwaly geçirildi.
1974-nji ýylda teleýaýlymlar hepdäniň her güni berilmäge başlanan bolsa, ýaýlyma ýurduň ilatynyň %55-i we territoriýasynyň %28-i tarapyndan tomaşa edilmäge başlandy. Teleýaýlymyň Türkiýde başlamagynyň 10-njy ýylynda “PTT” merkezlerinde bellige alynan telewideniýe alyjylarynyň sany 2,250000-e ýetdi. Ýurduň içinden berilen we daşary ýurtdan alynan utgaşyklary, ýaýlymy, ýazgylary we birleşdiriji-montaž işlerini amala aşyrma şertlerine eýe bolan Ýewrowideniýe aragatnaşyk merkezi 1982-nji ýylda ulanmaga berilýär. Barha artan ýaýlym sagatlary bilen birlikde 1981-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ekran reňlenmäge başlaýar we 1984-nji ýylda doly reňki ýaýlyma geçilýär.
1986-njy ýylda teleýaýlymyň 2-nji kanaly TRT-2 ýaýlyma başlaýar. 1987-nji ýylda “İntelsat” hemrasyndan kireýine alynan geçirijiden TRT-1 we TRT-2 teleýaýlymary Türkiýäniň çar tarapyna ýetirildi. TRT-3 we GAP-TW 1989-njy ýylda ýaýlyma başlaýar we TRT-niň teleýaýlymlarynyň sany 4-e ýetirilýär. 1990-njy ýylda bolsa esasan bilim üçin niýetlenen TRT-4 bilen Ýewropada ýaşaýan türk işçileri üçin TRT-İNT ýaýlymy başlaýar. 1993-nji ýylda Kawkaza we Orta Aziýa niýetlenen gepleşikler berýän TRT-Awrasýa kanaly, 1995-nji ýylda bolsa TBMM TW ýaýlyma başlaýar.
1998-nji ýylda ilkinji daşary ýurt wekilhanamyz TRT Germaniýa-Berlin Wekilhanasy açylýar. Şondan soň nobaty bilen Türkmenistan-Aşgabat Wekilhanasy, 2000-nji ýylda Azerbaýjan-Bakuw, Müsür-Kair we Belgiýa-Brýussel wekilhanalary açylýar. 2002-nji ýylda daşary ýurtlardaky 6-njy wekilhana ABŞ-Waşingtonda, 2004-nji ýylda Özbegistan-Daşkent ofisi açylýar.
1999-njy ýylda TRT-SAÝTEK (Öýjükli Ýaýlym Tehnologiýa Merkezi) döredilip, internet sahypasy www.trt.net.tr salgysy bilen ýaýlyma başlaýar.
2003-nji ýyl hem Guramamyz hem-de bütin Türkiýe üçin ýatdan çykmajak ýyl boldy. TRT ýurdumyzyň adyndan gatnaşan 48-nji Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Sertap Ereneriň ýerine ýetiren “Every That I Can” atly aýdym bilen birinji ýeri eýeled.
Daşary ýurtlarda-da güýçli pozisiýa eýeleýän Guramamyz 2004-nji ýylda ABU (Aziýa-Ýuwaş Umman Ýaýlym Bileleşigi) bilen Asiawizion şertnamasyna gol çekişdi.
01.11.2008-nji ýylda Türkiýäniň ilkinji we ýeke-täk çagalar kanaly bolan TRT Çojuk ýaýlyma başlan bolsa, 01.01.2009-njy ýylda tapawutly dillerde we dialektlerde ýaýlym berýän kanal bolan TRT 6 kürtçe açylýar. Kanalyň ady 2015-nji ýylda TRT Kurdi hökmünde özgerdildi.
20.11.2008-nji ýylda açylan www.trtwotworld.com 31 dilde habar ýaýlymy bilen täze media hyzmat giňişligindäki habar beriş serişdeleriniň arasynda dünýä boýunça 5-nji orny eýeledi. Şu günki günde ýaýlym berilýän sebit we bütin dünýä bilen bagly möhüm wakalar hünärmenleriň garaýyşlary bilen birlikde giň gerimli, bitarap we dogry mazmun bilen 41 dilde dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilýär.
Balkandan Orta Aziýa, Ýakyn Gündogardan Kawkaza 27 ýurtda we 13 awtonomiýada 250 milliona golaý ilatly sebit üçin niýetlenip döredilen TRT Awaz 21.03.2009-njy ýylda ýaýlyma başlap, türk, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek we türkmen dillerindäki gepleşikleri bilen degişli sebitdäki ýurtlara orun berilýän “umumy kanala” öwrüldi.
TRT Türk 08.05.2009-njy ýylda halkara derejesinde türkçe habar we medeniýet kanaly hökmünde ýaýlyma başlan bolsa, şol ýyl synag ýaýlymlaryna başlan TRT ANADOLU bolsa TRT bilen Ýerli we Sebitleýin Teleýaýlymlar Bileleşiginiň bilelikde ýaýlym berjek kanaly hökmünde meýilleşdirildi. TRT Anadolu 2012-nji ýylyň Oraz aýynda 24 sagadyň dowamynda üznüksiz ýaýlym berýän TRT Diyanet kanalyna öwrüldi. 2009-njy ýylyň 16-njy noýabrynda ýaýlyma başlan TRT Müzik, esasan türk aýdym-sazlary bilen birlikde geçmişden biziň günlerimize ýerli we daşary ýurt aýdym-sazly gepleşikleri bilen Türkiýäniň we dünýäniň aýdym-sazlaryny TRT tapawudy bilen tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirýär.
“Şaýatlyga taýarmy?” şygary bilen 2009-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda ýaýlymlaryna başlan TRT Belgesel kanaly Türkiýäni iňlis, nemes, fransuz, rus we türk dillerinde bütin dünýä tanyşdyrýar.
Şeýle-de 2009-njy ýylda “Radyo 6”, “TRT Nağme”, “TRT Ankara Kent Radyosu”, “TRT Türkü” bilen “TRT Avrupa FM” radiolary ýaýlyma başlaýar.
TRT, Ýewropanyň we dünýäniň belli habarlar ýaýlymy “Euronews” bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşyp, “Euronewsiň” esasy hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi we “Euronews habarlar” kanaly 2010-njy ýylyň ýanwarynda türkçe ýaýlymlaryna başlady.
2010-njy ýylyň 31-nji martynda “TRT Haber” kanaly ýaýlyma başlan bolsa, arap dilinde ýaýlym berýäň “TRT-“ETTÜRKİYYE” kanaly arap ýurtlarynda tomaşa edilýän esasy ýaýlym bolmak maksady bilen 2010-njy ýylyň 4-nji aprelinde ýaýlyma başlady.
Ýaýlymyň hilinde ýetilen iň ýokary çäk bolan HD ýaýlym berýän TRT HD kanaly esasan sport gepleşiklerini, dokumental filmleri we çeper filmleri efire goýberýär.
2010-njy ýylyň awgust aýynda ýaýlyma başlan TRT Spor kanaly milli we halkara ähli sport bäsleşiklerini hem-de çärelerini göni efirden ýa-da ýazgydan halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýaýlym sportyň ähli görnüşlerine uly ähmiýet berýär.
2011-nji ýylyň ýanwar aýynda ýaýlyma başlan TRT Okul bolsa dürli ýaş toparlary üçin niýetlenen medeni-terbiýeçilik äheňli gepleşikleri tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirýär.
TRT 14 teleýaýlymy, 5 sany milli, 5 sany sebitleýin, 3 sany halkara we 3 sany ýerli radio stansiýasy, trt.net.tr we 41 dilde taýarlanýan www.trtvotworld.com atly web sahypalary, teleteks ýaýlymy, “Televizyon”, “TRT Çocuk”, “Radyovizyon” atly žurnallary bilen Türkiýä we bütin dünýä ýaýlym berýär.