Respublika 101 Ýaşynda
Türkiýe Respublikasynyň 101 ýyllygy dabara bilen bellenip geçilýär.
Türkiýe Respublikasy mundan göni 101 ýyl ozal, M.K.Atatürk we egindeşleri tarapyndan mizemez esasa laýyklykda döredildi. Respublikanyň binagärleri, kökli türk milletinin bilimden sungada, ylymdan sporta çenli ençeme ugurda gazananlaryna we mundan soň gazanjaklaryna bolan beýik ynam bilen täze nesil döretdi. Bu nesil, şu günki günde dünýäniň umumy gymmatlaryna goşant goşup, ähliumumy medeniýetde yz galdyrýarlar we galdyrmaga-da dowam ederler.
Bu asyrda öz-özüne ýeterlik bolan ýurt hökmünde bilimde we tehnologiýada, medeniýetde we sungatda, ylymda we senagatda maksatlaryna ýeten Türkiýe Respublikasy, täze maksatlar bilen baky öser.
Türkiýäniň täze asyry hasam güýçli başlar. Türk milleti ynamly ädimler bilen öňe gitmäge dowam eder we ýurduň dünýädäki mizemez ýerini, ähmiýete hasam güýçlendirer. Halkara parahatçylyga, arkalaşyga, galkynyşa we ösüşe goşan uly goşantlary bilen Türkiýe Respublikasy baky ýaşar.
101-nji ýaşyň gutly bolsun Türkiýe!