Eýranyň Ysraýyla hüjüm guramagy sebitleýin söweşe öwrülip bilermi?
Hepdäniň syny
Eýran ahyry “strategik sabyr” syýasatyndan ýüz öwürip Ysraýyla balistiki raketa hüjümini gurady. Soňky aýlarda Ysraýylyň hüjüm ediji tutumyna garşy Eýranyň degişli gaýtawuly görkezip bilmezligi ünsleri özüne çekýärdi. Bu ýagdaýyň Ysraýylyň Hizbullahyň liderlerine guran hüjümi bilen birleşmeginden soň Eýranyň degişli gaýtawuly görkezmekden başga çäresi galmady. Eýran Ysraýyla degişli gaýtawuly görkezmegi saýlap aldy we 200-e golaý balistiki raketa bilen Ysraýyly nyşana aldy. Elbetde bu hüjümiň möhüm netijeleri bolar.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Ysraýylyň uzak dowam eden hüjüm ediji tutumyna garşy Eýran ahyry strategik sabyr syýasatyndan ýüz öwürip degişli gaýtawuly görkemeli boldy we Ysraýyla garşy giň gerimli raketa hüjümini gurady. Eýran 200-e golaý balistiki raketa bilen Ysraýyldaky harby merkezleri nyşana aldy. Käbir raketalar ABŞ-nyň sebite ornaşdyran howa goranyş ulgamlary we Ysraýylyň Arrow 2-3 howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykaryldy. Emma Eýranyň balistiki raketalarynyň umuman nyşanasyny üstünlikli ýagdaýda hatardan çykarandygy görüldi.
Gelip gowşan ilkinji maglumatlara görä F-35-leriň merkezi hasaplanylýan Newatim howa bazasy, Tel Nof we Netiwot harby bazalary nyşana alyndy. Harby baza we F-35 harby uçarlaryna zeper ýetirlip ýetirilmändigi barada bolsa hiç hili maglumat berilmedi. Eýranyň hüjümi sebäpli Ysraýylyň çeken ýitgisi öňümizdäki günlerde emeli hemra arkaly alynan wideo-ýazgylardan belli bolar. Ysraýyl Eýranyň guran hüjümi sebäpli hiç hili ýitgi çekmändigini öňe sürýär. Emma Eýranyň bu gezek Ysraýyla zeper ýetirendigi aýdylýar. Beýleki tarapdan Ysraýylyň Eýrana berk gaýtawul görkezjekdigi nygtalýar.
Elbetde Eýranyň bu hüjüminiň netijeleri bolar. İlkinji nobatda Hizbullahyň başda durmagynda ähli göreşiji toparlaryň Eýrana bolan ynamy artdy. Şol toparlar Eýranyň özlerine goldaw berýändigini gördi. Hüjümiň esasan Ysraýylyň Liwanyň günortasyna gury ýer hüjümini guramaga çalyşýan günlerinde guralmagy taýdan diýseň möhüm. Hizbullahyň gysga wagtda ýolbaşçylaryny saýlap göreşine dowam etmegine garaşylýar.
Eýranyň hüjüminden soň Ysraýyl tarapyndan berlen ilkinji beýannamada hüjüme berk gaýtawul görkeziljekdigi nygtaldy. Ysraýyl Eýrana howa hüjümini gurap biler. Eýran hem şol hüjümden soň Ysraýyla raketa hüjümi bilen jogap berer. Şeýlelikde iki döwletiň arasynda söweş başlar. ABŞ-nyň bu söweşde eýelejek pozisiýasy diýseň möhüm. Ysraýyl çyksyz ýagdaýa düşen halatynda ABŞ-nyň söweşe goşulmagy elbetde has uly sebitleýin söweşiň başlamagyna sebäp bolar.
Biz diýseň ynjyk günleri başdan geçirýäris. Ysraýylyň Gazada we Liwanda edýän genosidi bes edilmän halatynda sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy mümkin däl.