Sisiniň Ankara Sapary
Hepdäniň Syny
Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi Ankara möhüm sapar gurady. Erdoganyň Kaire guran saparyndan soň edilen bu sapar global we sebitleýin derejede möhüm wakalaryň başdan geçirilýän günlerinde amala aşdy. Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy ugrundaky syýasy ygtyýara laýyklykda taraplar iki tarap üçin hem zyýanly bolan dartgynlygy ortadan aýyrmagyň tarapynda durýar.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi Ankara möhüm sapar gurady. Dartgynly we ähmiýetli günlerde guralan sapar Prezident Erdoganyň 14-nji fewralda Kaire guran saparyna jogap hasiýetinde edildi. Türkiýe 2013-nji ýylda Müsürde guralan agdarlyşyga ýerlikli ýagdaýda reaksiýa bildiripdi we özara gatnaşyklar şol sebäpli uly zyýan çekipdi. Taraplar daşary syýasatlaryny birek-birege garşy ugrukdyryp, ýaramaz we zyýanly netijelerden halas bolup bilmediler. Emma ýetilen sepgitde Türkiýe we Müsür pozisiýalaryny özgertmeli boldy. Iki ýurt üçin hem agyr şertleriň başdan geçirilýän döwründe iki ýurduň gatnaşyklaryny gaýtadan kadalaşdyrmagy mejburlyga öwrüldi. Müsüriň esasanda başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary, Efiopiýada başdan geçirilen Hadysa bendi meselesi ýaly uly kynçylyklar bar. Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan soň Gazany basyp almagy we ol ýerde genoside başlamagy hem elbetde iki ýurduň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy taýdan goşant goşujy güýç boldy.
Türkiýe uzak möhletden bäri düşnüşmezlikleri bolan ýurtlar bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin syýasy ygytyýar görkezýär. Saud Arabystany, BAE we Müsür ýaly ýurtlar bu täze kadalaşma pradigmasy taýdan öňe saýlanan ýurtlar. Şol çäkde 2021-nji ýyldan bäri Türkiýe-Müsür gatnaşyklarynda täze bir pozisiýanyň eýeleýändigi görülýär. Gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tehniki wekiliýetler döredilip, gepleşiklere başlandy. Kompartment syýasaty diýilýän meseleleri böleklere bölüp, çözmek ugrundaky gönükmeler netijeli boldy. 2022-nji ýylda Katarda geçirilen FIFA-nyň dünýä kubogynyň açylyş dabarasynda Prezident Erdogan bilen Sisiniň arasynda bolan görüşme, futbol diplomatiýasy hökmünde ýüze çykdy. Erdoganyň 14-nji fewralda Kaire guran sapary bolsa gatnaşyklarda täze bir sahypanyň açylýandygyny delillendirdi. Birnäçe ugurda möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Sisiniň Ankara sapary hem şol tapgyry tamamlaýyjy häsiýete eýedir diýsek ýalňyşmarys.
Sisiniň Ankara saparynda Kairdäkä meňzeş birnaçe ugurda möhüm ylalaşyklara gol goýuldy. Taraplar ykdysady taýdan birek-biregi goldajakdyklaryny beýan edip, özara söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi nazarda tutýarlar. Goranyş we energetika pudaklarynda uly potensial bar.
Umumy bökdençliklerden daşgary Gazada dowam edýän genosid we Ysraýylyň imperialist syýasatlary başda durýar. Gazada durnukly ylalaşygyň gazanylmagy, basyp alyşyň bes edilmegi, Ysraýylyň eden jenaýatlarynyň jezasyny çekmegi ýaly ugurlarda bilelikde hereket edilýär. Türkiýäniň Gaza ynsanperwer kömegini ýetirmeginde Müsür elbetde möhüm ähmiýete eýe. Şol çäkde gatnaşyklaryň kadalaşmagy Türkiýäniň Gaza kömek ýetirmegini ýeňilleşdirer. Urşuň sebitleýin häsýete eýe bolma ähtimallygy ABŞ-nyň sebitde harby güýjüň artmagy ýaly ugurlar iki ýurduň bilelikde hereket etmeli meseleleridir.