30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy
Şu gün azat edijilik söweşini ýeňiş bilen netijelendiren 30-njy Awgust ýeňiş baýramyny belläp geçýäris
2181481
I Jahan urşunda Osman döwletiniň ýeňilmegi we ýurduň daşarky güýçler tarapyndan basylyp alynmagynyň üssüne Gresiýanyň goşunlarynyň Anadolyny basyp alma synanşygy hem goşulypdy.
Şol sebäpli birnäçe ýyl dowam eden Azat edijilik söweşi başlapdy.
Azat edijilik söweşiniň soňky tapgyry 1922-nji ýylyň 30-njy awgustynda üstün çykylan Baş serkerdelik meýdan söweşi boldy.
Şol ýeňiş garaşsyz Türkiye Respublikasynyň gurulmagyna şert döretdi.
Garaşsyzlygymyzyň kepillendirijisi bolan gahryman goşunyň we milletimiziň 30-njy awgust Ýeňiş baýramyny gutlaýarys.
Şol mukaddes ýeňişiň gazanylmagyna goşant goşan, ganyny, janyny gahrymanlarça döken we bu gözel ýurdy bize sowgat eden gahryman ata-babalarymyzy rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýarys.