Türkiýäniň Afrika Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklary Pugtalanýar

Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen edýän söwda mukdary 2023-nji ýylda 37 milliard dollara barabar boldy

2129991
Türkiýäniň Afrika Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklary Pugtalanýar

Wise-Prezident Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen edýän söwda mukdarynyň 2023-nji ýylda 37 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Jewdet Ýylmaz, Stambul şäherinde geçirlen Türkiýe-Tanzaniýa işewürler forumyna gatnaşdy.

Türkiýäniň Afrika ýurtlary bilen 2003-nji ýylda 5,4 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 2023-nji ýylda 37 milliard dollara çenli baryp ýetendigini aýdan Jewdet Ýylmaz, “Ady agzalýan döwürde eksportumyz 2,1 milliard dollardan 22 milliard dollara, importymyz bolsa 3,3 milliard dollardan 15 milliard dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.

Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň dost ýurt Tanzaniýa bilen 2003-nji ýylda 11 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdarynyň 2023-nji ýylda 350 million dollara çenli baryp ýetendigini ýatlatdy.

Türkiýe-Tanzaniýa gatnaşyklaryndan ýerlikli peýdalanylmalydygyny aýdan Ýylmaz “21-nji asyr Afrika we Türkiýe asyry bolar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar