Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiyäni önümçilik merkezine öwürdik" diýdi

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr 22 ýyllyk syýasy durnuklylygyň Türkiyäniň goşmaça baha önümçiligine we eksportyna goşant goşandygyny habar berdi

2108127
Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiyäni önümçilik merkezine öwürdik" diýdi

Eskişehirde fabrigiň açylyşyna gatnaşan Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde 22 ýyl bäri emele getiren syýasy durnuklylyk gurşawy, derňew we innowasiýa ekoulgamy, meýilnamaly senagat ugurlary, potratçylyk medeniýeti we hünärli adam resurslarymyz bilen Türkiyäni goşmaça baha we hünärli önümçilik global merkezi ýagdaýyna öwürdik" diýip mälim etdi. 

22 ýylda guramaçylykly senagat zolaklarynyň sanyny 192-den 361-e ýetirendiklerini, polat eksportyny 4 esse artdyrandyklaryny, 15 milliard dollara ýetirendiklerini aýdan Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr: "Enjam eksportyny 12 esse artdyryp 25,2 milliard dollara, himiýa eksportyny 10 esse artdyryp 30 millard dollara, awtoulag eksportyny 15 esse artdyrp 35,7 milliard dollara we Türkiyäniň jemi eksportyny bolsa 36 milliard dollardan 255,8 milliard dollarlyk rekord derejä ählimiz bilelikde ýetirdik" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar