Türkiyede işsizlik görkezijileri azalýar

Türkiyede işsiz adamlaryň sany geçen ýylyň soňky çärýeginde 3-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 0,4 göterim azalyp, 8,8 göterime ýetdi

2104328
Türkiyede işsizlik görkezijileri azalýar

Türkiyäniň Statistika guramasy 2023-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygyny öz içine alýan işçi güýjüniň statistikasyny aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda işsizlik görkezijilerinde soňky 40 çärýegiň iň pes derejesi hasaba alyndy, işsiz adamlaryň sany 137 müň adam azaldy. 

Işsizlik görkezijileri şeýlelik bilen 0,4 göterim azalyp, 8,8 göterime ýetdi. 

Türkiýede iş üpjünçiligi ýokarlandy.

Iş üpjünçiliginde geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda 48,6 göterim boldy, iş bilen üpjün edilenleriň sany 195 müň adam artdy. 



Degişli Habarlar