Ýanwar aýynda eksport rekordy täzelendi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Malatýa welaýatynda ýanwar aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýannama berdi

2096840
Ýanwar aýynda eksport rekordy täzelendi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat, eksportyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 göterim artyp, 20 milliard 28 million dollara ýetendigini, şeýlelik bilen taryhyň iň ýokary ýanwar aýy eksport görkezijilerine ýetilendigini mälim etdi. 

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat Malatýa welaýatynda ýanwar aýynyň daşary söwda görkezijileri barada beýannama berdi. 

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda daşary ýurt eksportyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna garanyňda 3,6 göterim artyp, 20 milliard 28 million dollara ýetendigini aýdan Ömer Bolat, şeýlelik bilen taryhyň iň ýokary ýanwar aýy eksport görkezijilerine ýetilendigini habar berdi. 

Importyň ýanwar aýynda 22 göterim artyp 26 milliard 201 million dollar bolandygyny aýdan Ömer Bolat, şeýlelik bilen ýanwar aýynda daşary söwda ýetmezçiliginiň 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna garanyňda 67 göterim derejesinde azalandygyny, 6,2 milliard dollar aşaklandygyny beýan etdi. 

Bolat, eksport-import gatnaşygynyň 18,9 göterim ýokarlap, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 76,4 göterime çenli ýokarlandygyny belledi. 



Degişli Habarlar