Türkiye global eksportdaky rekordyny täzeledi

Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan Bütindünýä Söwda guramasynyň eksporty bilen baglanşykly soňky görkezijleriniň üstünde durup geçdi

2082051
Türkiye global eksportdaky rekordyny täzeledi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkiyäniň ýyllyk önüm eksportynyň 253,3 milliard dollara ýetendigini belläp: "Türkiyäniň global eksportdan 1,06 göterim paý alyp, şeýlelik bilen rekordyny täzeledi" diýip habar berdi. 

Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan Bütindünýä Söwda guramasynyň eksporty bilen baglanşykly soňky görkezijleriniň üstünde durup geçdi. 

Türkiyäniň öz üstüne düşýän paýynyň ýokarlandygyny aýdan Ömer Bolat: "Bütindünýä Söwda guramasy tarapyndan aýan edilen soňky statistika görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda, ýyllyk önüm eksportymyz 253,3 milliard dollara ýetdi. Türkiyäniň global eksportdaky paýy 1,06 göterime ýetdi, şeýlelik bilen rekordyny täzeledi. 2022-nji ýylyň ahyrynda ýurdumyzyň eksportynyň global eksportdaky paýy 1,02 göterimdi. Nesip bolsa bu gowy habaryň dowam etmegi dilegi bilen" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar