Ykdysady Ynam Indeksi Artdy

Ykdysady ynam indeksi dekabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 1,1 göterim artyp, 96,4 göterime ýetdi

2081786
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy

Türkiyäniň Statistika guramasy dekabr aýynyň ykdysady ynam indeksi bilen bagly görkezijileri beýan etdi. 

Şoňa laýyklykda ykdysady ynam indeksi noýabr aýynda 95,3 göterim bolan bolsa, dekabr aýynda 1,1 göterim artyp 96,4 göterime ýetdi. 

Sarp ediji ynam indeksi hem dekabr aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,6 göterim artyp 77,4 göterime ýetdi. 

Şol döwürde ykdysadyýetiň hakyky böleginiň ynam indeksi 0,5 göterim azalyp, 103,4 göterime çenli aşaklady. 

Hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 1,2 göterim artyp, 112,3 göterim boldy. 

Bölekleýin söwda pudagynyň ynam indeksi 4,5 göterim artyp, 116,8 göterime, gurluşyk pudagynyň ynam indeksi bolsa 3,3 göterim azalyp 88 göterime çenli aşaklady. 



Degişli Habarlar