Oktýabr Aýynda Eksport 7,4 Göterim Artdy

Oktýabr aýynda eksport 22 milliard 900 million dollara barabar boldy

2061072
Oktýabr Aýynda Eksport 7,4 Göterim Artdy

Söwda ministri Ömer Polat, oktýabr aýynda eksportuň geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 7,4 göterim artyp 22 milliard 900 million dollara barabar bolandygyny aýtdy.

Ministr Polat, paýtagt Ankarada metbugata beren beýannamasynda eksport görkezijileri hakynda maglumat berdi.

Iýul aýynda ösmäge başlan eksportuň awgust, sentýabr we oktýabr aýlarynda hem dowam edendigine ünsi çeken Bolat “Oktýabr aýynda eksportumuz, geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 7,4 göterim artyp 22 milliard 900 million dollara barabar boldy. Şeýlelikde oktýabr aýynda taryhyň iň ýokary ekspordy edildi” diýdi.

Ministr Bolat, üstümizdäki ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde eksportuň 210 milliard 100 million dollara barabar bolandygyny belledi.



Degişli Habarlar