Türkiyäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat dostlukly we doganlyk döwlet Yrak bilen söwda, maýa goýum, potratçylyk we logistika başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary has hem ýokary derejä ýetirjekdiklerini habar berdi

2030410
Türkiyäniň Söwda ministri Yrakda saparda bolýar

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Yrak döwletine guran saparyny Yragyň Wise-premýeri we Meýilleşdiriş ministri Muhammed Ali Temim bilen ikiçäk duşuşyk geçirip, başlandyklaryny mälim etdi. 

Türkiyäniň işewür dünýäsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrýan saparynyň çäginde ikitaraplaýyn özara maýa goýumlary we söwda kuwwadyny has hem artdyrmak üçin edilip bilinjek ädimleri anyk ýagdýada ele alandyklaryny aýdan Ömer Bolat: "Gümrükler, import we standartlaşdyrmak ugurlaryndaky tamalarymyzy belläp geçmek mümkinçiligimiz boldy. Mundan başgada Yragyň infrastrukturasynda we ýokary gurluşunyň gurluşygynda, Yrak tarapyndan meýilleşdirilen täze şäherler we täze sebitleriň rekonstruksiýasynda potratçylarymyzyň goşup biljek goşantlary barada pikir alyşdyk. Dostlukly we doganlyk döwlet Yrak bilen söwda, maýa goýum, potratçylyk we logistika başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary has hem ýokary derejä ýetireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar