Türkiýäniň Saud Arabystanyna Eksporty 30 Esse Artdy

Ýanwar-fewral aýlarynda Saud Arabystanyna edilen eksport 30 esse artdy

1957252
Türkiýäniň Saud Arabystanyna Eksporty 30 Esse Artdy

Eksportda depginini güýçlendiren Türkiýe daşary söwdada Saud Arabystany bilen ýokary derejelere eýe boldy.

İki ýurduň arasyndaky söda gatnaşyklarynyň gaýtadan dikeldilmegi we eksport mukdarynyň ýokary depginde ösmegi üçin edilen başlangyçlar öz netijesini berýär.

Türkiýäniň Saud Arabystanyna eksport ýanwar-fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 32 esse ýokarlap, 11,209 000 Amerikan dollaryndan 367,363 000 Amerikan dollaryna ýetdi.

Saud Arabystany degişli döwürde Türkiýäniň daşary söwda gatnaşygynda 22-nji orny eýeledi.

Ýylyň iki aýynda Türkiýäniň eksportunda esasy orny Germaniýa, ABŞ, Britaniýa we Russiýa eýeledi.



Degişli Habarlar