Türkiýäniň miwe we gök önüm eksporty 3 milliard dollardan geçdi

Türkiýäniň miwe we gök önüm eksporty 2021-nji ýylda 2020-nji ýyla garanyňda 13 göterimlik artyş bilen takmynan 3 milliard 83 million dollar boldy

1759661
Türkiýäniň miwe we gök önüm eksporty 3 milliard dollardan geçdi

Ortaýer deňiz Eksportçylar bileleşiginden berilen maglumata görä, 2020-nji ýylda 2 milliard 729 million dollar bolan miwe we gök önüm eksporty 2021-nji ýylda 13 göterim artdy. 

Geçen 2021-nji ýylda pudagyň eksportçylary takmynan 3 milliard 83 million dollarlyk miwe we gök önüm eksport etdiler.  

2021-nji ýylda ondan öňki ýyla garanyňda 16 göterimlik artyş bilen 1 milliard 252 million dollarlyk miwe, 25 göterimlik artyş bilen 875 million 713 müň dollarlyk gök önüm, 934 million 891 müň dollarlyk bolsa sitrus önümleri eksport edildi. 


Etiketkalar: #eksport , #gök önüm , #miwe

Degişli Habarlar