Erdogan öňümizdäki hepde Türkiýäniň eksport görkezijilerini aýan eder

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň öňümizdäki hepde Türkiýäniň eksport görkezijilerini aýan etjkekdigi habar berildi

1753860
Erdogan öňümizdäki hepde Türkiýäniň eksport görkezijilerini aýan eder

Söwda ministri Mehmet Muş, paýtagt Ankara şäherinde TOBB tarapyndan geçirilen Bileleşigiň bilelikdäki geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy. 

Mehmet Muş, koronawirus epidemiýasy sebäpli başdan geçirilen oňaýsyz şertlere garamazdan, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda ýokary ösüş görkezijilerine eýe bolandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň eksportda möhüm üýtgeşmäniň we öwrülşigiň bosagasyndadygyny aýdan ministr Mehmet Muş: "Öňümizdäki hepde hormatly Prezidentimiz eksportda ýeten rekordymyzy aýan eder. Türkiýäniň ykdysadyýeti 2022-nji ýylda we ondan soň hem eksport bilen ösmäge dowam eder" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar