Fitch Ratings Türkiýe Boýunça Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy “Fitch Ratings” Türkiýe üçin şu ýylky ösüş çaklamasyny 10,5 göterime çenli ýokarlandyrdy.

1742472
Fitch Ratings Türkiýe Boýunça Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

Guramadan berilen beýannamada Türkiýäniň ykdysadyýeti hakynda analizler berildi. Türkiýäniň koronawirus pandemiýasynyň agyr netijelerini görkezen ýyly bolan 2020-de içerki girdejisini 1,8 göterim ýokarlandyrandygy, ýurduň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda bolsa 10,5 göterim ösüş etmeginiň çaklanylýandygy habar berildi.

“Fitch” sentýabr aýynda çap edilen Global ykdysady panorama habarnamasynda Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 9,2 göterim ösüş etjekdigini beýan edipdi.

Beýannamada ýrudun ykdysadyýeti boýunça 2022-nji ýyl üçin ösüş çaklamasy bolsa 3,6 göterimden 3,6 göterime çykaryldy.

Beýannamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň deňeşdirmelere görä güýçlidigine üns çekilýär.



Degişli Habarlar