Funduk Eksporty Artdy

Funduk eksportundan 733 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

1742200
Funduk Eksporty Artdy

 

Dünýäniň funduk önümçiliginde 75 göterimlik paýy bilen esasy orun eýeleýän Türkiýe, täze hasyl möwsüminiň ilkinji 3 aýynda funduk eksportundan 733 million dollarlyk girdeji gazandy.

Türkiýäniň funduk eksporty möwsümi 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlady.

Sentýabr-oktýabr we noýabr aýlaryny öz içine alýan 3 aýlyk döwürde 144 müň 778 tonna funduk eksport edildi.

Funduk eksportundan 733 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwründe 66 müň 878 tonna funduk eksport edilip 497 million dollarlyk girdeji gazanylypdy.


Etiketkalar: #möwsüm , #eksport , #funduk

Degişli Habarlar