Türkiýäniň Ter Gök we Miwe Eksporty 19 Göterim Artdy

Eksport sanawynda Russiýa 442 million dollar bilen esasy orun eýeledi.

1721020
Türkiýäniň Ter Gök we Miwe Eksporty 19 Göterim Artdy

Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty üstümizdäki ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň ady agzalýan döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim artyp 2 milliard 15 million dollara barabar boldy.

Eksport sanawynda Russiýa 442 million dollar bilen esasy orun eýeledi.

9 aýda Russiýa 834 müň 998 tonna ter gök we miwe önümi eksport edildi.

Sanawda Russiýadan soň 238 million 24 müň dollar bilen Germaniýa ikinji, 158 million 306 müň dollar bilen Ruminiýa üçünji, 155 milloon 939 müň dollar bilen Yrak dördünji we 113 million 898 müň dollar bilen Ukraina bäşinji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar