Erdogan Sosial Mediadan Orta Möhletli Maksatnama Hakynda Habarnama Berdi

Erdogan habarnamasynda üç ýyllyk ykdysady maksatnama hakynda maglumat berýär

1703798
Erdogan Sosial Mediadan Orta Möhletli Maksatnama Hakynda Habarnama Berdi

Prezident R.T.Erdogan ykdysadyýetdäki geljek üç ýyllyk möhlet üçin düzülen Orta möhletli maksatnama hakynda sosial media arkaly maglumat berdi.

Habarnamasynda beýik we güýçli Türkiýäniň gurulmagy taýdan möhüm başlangyçlardan biri bolup durýan Orta möhletli maksatnamanyň Türkiýä we millete düşümli bolmagyny arzuw eden Prezident Erdogan, maksatnamanyň düzülmegine goşant goşan ähli döwlet edara-kärhanalaryna sagbolsun aýtdy.

Prezident Erdogan habarnamasynda: “Ykdysadyýetin ýyllyk ortaça 5,3 göterim ösmegini, iş üpjünçiliginiň ýylda ortaça 1,17 million adam artmagyny, eksportuň 3 ýylda 250 milliard dollardan geçjekdigini, maksatnamanyň çäginde hasaplaşyk ýetmezçiliginiň milli girdejä görä 1 göterime çenli aşaklamagyny, merkezi dolanşyk býujet ýetmezçiliginiň milli girdejä görä 2,9 göterime barabar bolmagyny, inflýasiýanyň durnukly häsýetde bir öýjükli sanlara düşmegini meýilleşdirýäris. Milli girdejimizi üstümizdäki ýylyň dowamynda 800 milliard dollardan, maksatnamanyň degişli bolan döwründen soň bolsa 1 trillion dollardan geçireris” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar