Türkiýäniň Ykdysadyýeti 21,7 Göterim Ösüş Etdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ikinji çärýegine degişli içerki milli girdejiniň netijelerini çap etdi

1700831
Türkiýäniň Ykdysadyýeti 21,7 Göterim Ösüş Etdi
mehmet mus.jpg
fuat oktay.jpg

Şuňa laýyklykda içerki milli girdeji 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 21,7 göterim ýokarlady.

Içerki milli girdejini emele getirýän operasiýalar seljerilende; hyzmatlar pudagy 45,8, senagat 40,5, maglumatlar we aragatnaşyk pudagy 25,3, döwlet dolanşygy, bilim, saglygy goraýyş we sosial üpjünçilik 8,5, gozgalmasyz emläk işleri 3,7, gurluşyk 3,1, oba we tokaý hojalygy bilen balykçylyk pudaklarynda 2,3 göterim ösüş edildi.

Sap içerki milli girdejiniň mukdar indeksi birinji çärýege görä 0,9 göterim ýokarlady. Sap içerki girdeji 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarlady.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý sosial media hasabyndan ykdysady görkezijiler hakynda beren habarnamasynda; “G20-de ikinji orun Türkiýä degişli… 2021-nji ýylyň 2-nji çärýeginde ykdysadyýetimizde 21,7 ösüş etdi. Senagatymyzyň we eksportumyzyň ösüşe bolan goşandyny görmek bizi hasam goşal etdi. Güýçli, durnukly, deňagramly we giňgerimli ösüş pozisiýamyz mundan beýläk hem dowam eder” diýip ýazdy.

Gazna we maliýe ministri Lütfü Elwan bolsa ýylyň ikinji çärýegine degişli ösüş görkezijilerini analiz etdi.

Elwan Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Ikinji çärýekdäki ösüşiň 57 göterimi maýa maýumlardan we daşarky talaplardan gelip çykýar. Durnukly we giňgerimli ösüş üçin pes inflýasiýa, walýuta kursunyň durnuklylygy we birsydyrgynlyk möhüm. Girdeji aladatyny has-da güýçlendirjek ösüş depginini dowam etdirmek üçin tagall edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar