Oktaý: "Ýylyň ahyryna çenli eksport maksadymyz 210 milliard dollar"
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýäniň şu ýylyň ahyryna çenli eksportyny 200 milliard dollardan hem geçirjekdigi barada güýçli görkezijileriň bardygyny habar berdi
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ykdysady Koordinasiýa geňeşiniň maslahatynda çykyş etdi.
Oktaý: "Gören çärelerimiziň netijesinde hem döwlet býujetiniň ýetmezçiliginde hem-de inflýasiýada ýylyň 2-nji çärýeginde oňyn özgerişleri görýäris" diýip habar berdi.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý: "Türkiýäniň şu ýylyň ahyryna çenli eksportyny 200 milliard dollardan hem geçirjekdigi barada güýçli görkezijiler bardyr. Ýylyň ahyryna çenli eksport maksadymyzy 210 milliard dollardan geçireris. Prezidentimiziň tassyklamagynyň çäginde sentýabr aýynyň ilkinji ýarymynda 2022-2024-nji ýyllary öz içine aljak Orta möhletli programmamyzy çap etmegi meýilleşdirýäris" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Ministr Mehmet Şimşek ABŞ-na Gitdi
Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna gatnaşar