Maý Aýynda Işsizleriň Sany Azaldy

Işsizleriň sany 4 million 237 müň adama çenli aşaklady.

1673938
Maý Aýynda Işsizleriň Sany Azaldy

 

Türkiýede işsizleriň sany maý aýynda aprel aýy bilen deňeşdirilende 0,6 bal azalyp 13,2 göterime çenli aşaklady.

Ady agzalýan döwürde işsizleriň sany 4 million 237 müň adama çenli aşaklady.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň işsizleriň sany baradaky habarnamasynda 2021-nji ýylyň maý aýynda işsizleriň sanynyň 0,6 bal azalyp 13,2 göterime çenli aşaklandygy nygtaldy.

Habarnama görä, maý aýynda işsizleriň sany aprel aýy bilen deňeşdirilende 265 müň adam azalyp 4 million 247 müň adama çenli aşaklady.

Işsizleriň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende bolsa 0,3 göterim azaldy.



Degişli Habarlar