Turkish Kargo Mýunhen şäherini uçuş toruna goşdy

Mýunhen şäheri awtoulag, elektron, lukmançylyk enjamlary we biotehnologiýa ýaly pudaklaryň bazar liderlerine ýer eýeçiligini edýär

1637047
Turkish Kargo Mýunhen şäherini uçuş toruna goşdy

Turkish Kargo, Frankfurt şäherinden soň indi bolsa Germaniýanyň ykdysady megapolis şäheri bolan Mýunheni gönüden ýük daşalýan nokatlarynyň arasyna goşdy. 

Germaniýanyň tehnologiýa paýtagty hökmünde kabul edilýän Mýunhen, awtoulag, elektron, lukmançylyk enjamlary we biotehnologiýa ýaly pudaklaryň bazar liderlerine ýer eýeçiligini edýär.  

Turkish Kargo, ‘IST-MUC-IST’ ýük daşaljak uçar saparlarynda ‘Airbus A330 F’ kysymly ýük uçarlaryny ulanmak bilen sebitde iş alyp barýan kärhanalara we logistik hyzmat üpjünçiligine hödürlejek ynamly, tiz we gönüden howa ýollary arkaly ýük daşamak hyzmaty bilen Ýewropa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda emele getiren howa köprüsini güýçlendirmegi maksat edinýär. 



Degişli Habarlar