Xiaomi Türkiýede Öýjükli Telefon Öndürmäge Başlady

Telefon markasy şol maýa goýumy bilen 2 müň adama iş üpjünçiligini döreder

1610779
Xiaomi Türkiýede Öýjükli Telefon Öndürmäge Başlady

 

Dünýäniň belli telefon öndürijisi “Xiaomi” 30 million dollarlyk maýa goýumy bilen Türkiýede öýjükli telefon öndürmäge başlady

Öýjükli telefon öndürijisi “Xiaomi” firmasynyň beýannamasyna görä firmanyň Stambulyň Awjylar etrabynda açan zawody bilen Türkiýe, markanyň dünýäde önüm öndürmäge başlan 4-nji ýurdy boldy.

Telefon markasy şol maýa goýumy bilen 2 müň adama iş üpjünçiligini döreder.

“Saljomp” hyzmatdaşlygy bilen açylýan zawod, ýylda 5 million öýjükli telefon öndürer.

“Xiaomi”, merkezi Irlandiýada ýerleşýän analiz firmasy “Statkunteriň” görkezijilerine görä “Samsung” we “Appleden” soň 10 göterimlik bazar paýyna eýe.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar