Sarp ediji ynam indeksi mart aýynda artdy

Sarp ediji ynam indeksi mart aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,5 göterim artyp, 86,7 göterime barabar boldy

1608022
Sarp ediji ynam indeksi mart aýynda artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy mart aýynyň Sarp ediji ynam indeksiniň görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda Sarp ediji ynam indeksi mart aýynda fewral aýyna garanyňda 2,5 göterim artdy. Fewral aýynda 84,5 göterim bolan indeks, mart aýynda 86,7 göterim boldy. 

Geçen 12 aýlyk döwüre görä häzirki wagtda her maşgalanyň maddy ýagdaý indeksi fewral aýynda 66,3 göterim bolan bolsa, mart aýynda 1,4 göterim artyp, 67,3 göterim boldy. Üstümizdäki 12 aýlyk döwürde her maşgalanyň maddy ýagdaý çaklama indeksi 84,5 göterim bolan bolsa, mart aýynda şol görkeziji 4 göterim artyp 87,9 göterime çenli ýokarlady. 

Fewral aýynda gelejek 12 aýlyk döwür bilen baglanşykly ykdysady ýagdaý çaklama indeksi 91,7 göterim bolan bolsa, mart aýynda şol görkeziji 2,5 göterim artyp 94,1 göterim hökmünde hasaba alyndy. 



Degişli Habarlar