Türkiýedäki işsizlik görkezijileri aýan edildi
Türkiýede işsizlik görkezijileri 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda 0,5 göterim azalyp, 13,2 göterim hökmünde hasaba alyndy
1605804
Türkiýäniň Hasabat guramasynyň "Zähmet statistikasy 2020" atly habarnama görä, ýurtda işsizlik görkezijileri 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda 408 müň adam azalyp, 4 million 61 müň adama çenli peseldi.
Işsizlik görkezijileri, koronawirus epidemiýasynyň täsirli bolan geçen ýyl, ondan öňki ýyla garanyňda 0,5 göterim azalyp, 13,2 göterime çenli peseldi.
2019-njy ýylda işsizlik görkezijileri 13,7 göterim, işsiz adamlaryň sany bolsa 4 million 469 müň adam hökmünde beýan edilipdi.
Degişli Habarlar
Ministr Mehmet Şimşek ABŞ-na Gitdi
Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna gatnaşar