Türkiýe dünýäniň 27 ýurduna bal eksport etdi

Türkiýe şu ýylyň ilkinji 2 aýynda dünýäniň 27 ýurduna 4,1 million dollarlyk bal eksport etdi

1605556
Türkiýe dünýäniň 27 ýurduna bal eksport etdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň berýän habaryna görä, ýanwar we fewral aýlary aralygynda dünýäniň 27 ýurduna 1039 tonna bal eksport edildi, şol eskportdan 4 million 143 müň 579 dollar girdeji alyndy. 

Iň köp eksport amala aşyrylan ýurtlaryň hatarynda Germaniýa 1 million 304 müň 114 dollarlyk, ABŞ-na 1 million 148 müň 989 dollarlyk, Kuweýde 215 müň 537 dollarlyk bal eskport edildi. 

Gündogar  Gara deňiz sebitinden ýanwar-fewral aýlarynda Germaniýa, Beýik Britaniýa, Bahreýn, Pakistan, HHR, Katar, Kuweýt we BAE ýaly ýurtlara jemi 316 müň 277 dollarlyk bal eskport edildi. 


Etiketkalar: #Gara deňiz , #eksport , #bal

Degişli Habarlar