Pekjan türk firmalarynyň Albaniýadaky maýa goýumlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, türk firmalarynyň Albaniýada goýan maýa goýumlarynyň bazar gymmadynyň 1 millard dollara ýetendigini habar berdi

1573734
Pekjan türk firmalarynyň Albaniýadaky maýa goýumlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan: "Şol görkezijiniň has hem artmagy üçin uly mümkinçilikler bar. Senagatda, syýahatçylykda, oba hojalyk tehnologiýalarynda we infrastruktura maýa goýumlarynda möhüm iş mümkinçilikleriň bardygy aýdyňdyr" diýip belledi. 

Söwda ministri Ruhsar Pekjan, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde Türkiýe-Albaniýa Söwda we senagat palatasy formunyň 1-nji Ykdysady konferensiýasynda Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň Türkiýä 6-7-nji ýanwar aralygynda guran resmi saparyndan soň, iki ýurdyň arasynda Işewürler we Maýa goýum formunyň geçirilmegine örän ähmiýet berýändigini beýan etdi. 

Ruhsar Pekjan, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik derejä ýetirilmegi bilen bagly şertnamanyň Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Edi Ramanyň arasynda gol çekişilendigini ýatlatdy. 

Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky berk dostlukly gatnaşyklaryň çuňňur taryhynyň bardygyny aýdan Pekjan: "Maksadymyz, söwdada we maýa goýumlarda dostlukly gatnaşyklarymza laýyk bir hyzmatdaşlyk derejesini ýola goýmak we ençeme umumy taslamany bilelikde durmuşa geçirmekdir. Hem döwletlerimiz, hem-de hususy pudaklarymyzyň arasynda ediljek täze hyzmatdaşlyklar bilen iň gowy netijäni almagy umyt edýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar