Türkiýäniň senagat eksporty 2020-nji ýyly rekord görkezijiler bilen tamamlady

Bu görkeziji senagat pudagynyň 2020-nji ýylda amala aşyran iň ýokary eksport görkezijisi boldy

1560859
Türkiýäniň senagat eksporty 2020-nji ýyly rekord görkezijiler bilen tamamlady

Türkiýäniň senagat pudagy, koronawirus epidemiýasynyň oňaýsyz täsirinden saplanyp geçen aý amala aşyran 13 milliard 308 million 486 müň dollarlyk eksport bilen 2020-nji ýylyň iň ýokary daşary söwda görkezijisine eýe boldy. 

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň senagat eksporty, koronawirus epidemiýasynyň otrisatel täsirinden saplanyp, geçen ýyly dekabr aýynda 13 milliard 308 million 486 müň dollara ýetdi. 

Bu görkeziji senagat pudagynyň 2020-nji ýylda amala aşyran iň ýokary eksport görkezijisi boldy. 

Türkiýäniň senagat eksporty geçen aý noýabr aýynda garanyňda 9 göterim, 2019-njy ýylyň dekabr aýyna garanyňda bolsa 15,8 göterim artdy. 


Etiketkalar: #senagat pudagy , #eksport

Degişli Habarlar