Türkiýe Funduk Eksportyndan 11 Hasyl Döwründe 21 Milliard Girdeji Aldy

Dünýäde funduk öndürmekde we eksport etmekde uly paýa eý ebolan Türkiýe 11 ýylda ýylda 21 milliard dollar girdeji gazandy

1508158
Türkiýe Funduk Eksportyndan 11 Hasyl Döwründe 21 Milliard Girdeji Aldy

Garadeňiz Funduk we Funduk Önümleri Eksportçylary Bileleşiginiň görkezijilerine görä Türkiýe 2009-2010-njy we 2019-2020-nji ýyllaryn aralygyndaky 11 hasyl döwründe 100-den gowrak ýurda jemi 2,9 million tonna funduk eksport etdi.

Degişli döwürde 21,3 milliard dollar walýuta girdejisi alyndy.

Hytaý Halk Respublikasy funduk üçin Ýewropa ýurtlaryndan soň Türkiýe üçin iň esasy bazara öwrüldi.

Türkiýe Hytaýa soňky 11 ýylda 44,2 müň tonna funduk satyp, 356,5 million dollar girdeji gazandy.

Soňky 11 ýylda funduk eksport edilen esasy ýurtlar bolsa nobaty bilen İtaliýa, Germaniýa we Fransiýa boldy.



Degişli Habarlar