Eýranda ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli awtomobil önümçiligi geçen aý 57 göterim azaldy

Eýranda aprel aýyndan bäri 8 aýlyk döwürde bolsa awtomobil önümçiligi 25 göterim azaldy

1107554
Eýranda ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli awtomobil önümçiligi geçen aý 57 göterim azaldy

Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginiň görkezijilerine görä, geçen ýylyň noýabr aýynda ýurtda 135 müň 402 awtomobil öndürlipdi.

Awtomobil önümçiligi üstümizi ýylyň noýabr aýynda bolsa geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 57 müň 627-ä çenli aşaklady

Eýranda aprel aýyndan bäri 8 aýlyk döwürde bolsa awtomobil önümçiligi 25 göterim azaldy.

ABŞ-nyň 8-nji maýda ýadro ylalaşygyndan çekilmeginden soň goýan bir taraply sanksiýalary Eýranda iş mümkinçiligini hödürleýän esasy pudaklardan biri bolan awtomybil pudagyny hem nyşana alýar.

Ýerli awtomobil öndüriji firmalary Khodro we Saipa 100 müň adam üçin iş mümkinçiligini hödürleýär.

Eýranly 700 müň adam awtomobil önümçiligi bilen arabaglanşykly pudaklarda işleýär.

 



Degişli Habarlar