Ýewro giňişliginde ykdysady ynam aşaklady

Ykdysady ynam indeksi Germaniýada bolsa degişli döwürde 1,3 bal aşaklady

866788
Ýewro giňişliginde ykdysady ynam aşaklady

Ýewro giňişliginde Ýewropanyň Ykdysady Barlaglar Merkeziniň Ykdysady ynam ineksi dekabr aýynda 29 bala çenli aşaklady

Merkezi Germaniýanyň Mannheim şäherinde ýerleşýän merkezden berilen baýannama görä konstruktiw maýadarlaryň we analitiklerin ykdysadyýete bolan ynamyny barlaýan Ykdysady ynam indeksi Ýewro giňişliginde dekabr aýynda noýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,9 bal pese gaçdy.

Ykdysady ynam indeksi Germaniýada bolsa degişli döwürde 1,3 bal aşaklady.

Dekabr aýynda 18,7 bala barabar bolan indeks üstümizdäki aýda 17,4 bala çenli aşaklady we 23,7 bala barabar bolan uzak möhletli ortaça mukdardan hem aşak düşdi.


Etiketkalar: #ynam , #ykdysadyýet , #aşaklady

Degişli Habarlar