Eksport oktýabr aýynda hem artdy...

Türkiýäniň eksporty oktýabr aýynda geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 9 göterim artdy

858666
Eksport oktýabr aýynda hem artdy...

Türkiýäniň Hasabat guramasy oktýabr aýynyň daşary söwda habarnamasyny paýlaşdy.

Şoňa laýyklykda Türkiýäniň eksporty oktýabr aýynda 13 milliard 942 million dollar boldy.

Eksport ýylyň ilkinji 10 aýynda geçen ýylyň ilkinji 10 aýyna garanyňda 10,3 göterim artyp, 129 milliard 34 million dollara barabar boldy.

ÝB-e agza ýurtlara edilen eksportyň paýy geçen ýylyň oktýabr aýynda 48,4 göterim bolan bolsa, şol san şu ýyl 49,5 göterim hökmünde bellige alyndy.

ÝB-e agza ýurtlara edilen eksport oktýabr aýynda geçen ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 11,4 göterim artyp, 6 milliard 900 million dollara barabar boldy.

Germaniýa 1 milliard 455 million dollar bilen geçen aý iň köp eksport edilen ýurt boldy. Germaniýadan soň 890 million dollar bilen Britaniýa, 771 million dollar bilen ABŞ we 746 million dollar bilen Italiýa geldi.



Degişli Habarlar