Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky karary pul bazarlaryna-da ýaramaz täsir ýetirdi…

Funkt sterliniň hümmeti aşaklaýar, global bazarlar dartgynly…

517171
Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky karary pul bazarlaryna-da ýaramaz täsir ýetirdi…

Sterlin daşary ýurt pul birliklerine görä 1985-nji ýyldan bäri iň hümmetsiz derejä düşdi.

İňlisleriň Bileleşikden çykmak baradaky kararynyň belli bolmagyndan soň Tokiodan Londona we Çikago çenli pul bazarlarynda uly aşaklamalar dowam edýär.

Bileleşikden çykmak Britaniýanyň söwda mukdaryna iňňän ýaramaz täsir ýetirer.

Premýer ministr Dewid Kameron “aýrylmak” kararynyň ýurduň ykdysadyýetini ressesiýa sezewar edip biljekdigini duýdurypdy.

Beýleki tarapdan referendumdan soň ýurduň syýasy geljegi barada-da diskusiýalar başlady.

Şotland syýasatçylary bu netijeden soň garaşsyzlyk üçin ikinji referendumyň geçirilip bilinjekdigini duýdurýarlar.

Şeýlelikde Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak barada kararynyň birnäçe ýaramaz netijesi bolup biler.

Onuň bolsa global ykdysadyýete domino täsiriniň bolmagyna alada bildirilýär.



Degişli Habarlar