Ali Babajan Waşingtonda saparda bolýar

Wise-premýer Ali Babajan Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) we Bütindünýä bankynyň baharky maslahatlaryna gatnaşmak üçin ABŞ-daky saparyna başlady

239020
Ali Babajan Waşingtonda saparda bolýar

Babajan G-20-niň ministrler we Merkezi Banklarynyň başlyklarynyň derjesindäki maslahatynyň “Global ykdysadyýet” temaly mjlisinde sözlän sözünde, G-20 üçin esasan makro ykdysady utgaşyklygyň höweslendirilmelidigini aýtdy.
Ýerlikli dizaýn edilen makro ykdysady syýasatlar bilen birlikde, düýpli özgertmelerin hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtan Babajan: “Konstruktiw özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi G-20-niň 2015-nji ýylda ileri tutulýan ugry hökmünde iş meýilnamamyzda bar” diýdi.
Babajan G-20-niň İş toparynyň egindeş ýolbaşçylarynyň detallaryn üstünde işlejekdiklerini gürrüň berip, onuň döwletleriň öz öňbaşçylygynda we ýer eýeçiliginde boljakdygyny we döwletleriň öz iş meýilnamasyny düzmegi üçin ýeňillikleriň dörediljekdigini nygtady.
G-20-niň döwürleýin ýolbaşçylygynyň gezekleşikli däl, saýlaw bilen kesgitlenýändigini we Türkiýäniň hem şol wezipä üç ýyl ozal saýlanandygyny ýatladan Babajan, şol möhletde ileri tutulan üç ugruň: giň gerimlilik, praktika we maýa goýum boljakdygyny belläp geçdi.
Wise-premýer Ali Babajan G-20 bilen ösüş barýan pes girdejili ýurtlaryň ministrleri bilen resmi naharda durşuşdy.
Resmi nahara HPG-niň başlygy Kristan Lagard hem gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar