Türkiýe Russiýadan alýan gazynyň mukdaryny artdyrar

Türkiýe bilen Russiýa “Mawy akym” turba geçirijisiniň güýjüni 19 milliard kub metere ýetirmek barasynda ylalaşdy

146558
Türkiýe Russiýadan alýan gazynyň mukdaryny artdyrar

“Anadoly” habarlar gullugynyň habar bermegine görä energetika we tebigy serişdeler ministri Taner ÝyldyzRussiýada geçiren gepleşikleriniň çäginde Türkiýäniň Russiýadan ýylda 16 milliard kub metr tebigy gaz import edýän “Mawy Akym” turga geçirijisiniň göwrümini 19 milliarda ýetirmek barasynda ylalaşyk gazanyldy.
Ministr Ýyldyz Moskwadaky saparynyň çäginde Russiýanyň energetika ministri Aleksandr Nowak, Gazpromyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Alekseý Miller, Rosatomyň başlygy Sergeý Kriýenko we Gazpromeksportyň başlygy Ýelena Burmistrowa bilen duşuşar.
Beýleki tarapdan Türkiýäniň import edýän rus gazynyň mukdarynyň bolsa 30 milliard kub metre ýetendigi habar berildi.
Türkiýe geçen ýyl Russiýadan 26,6 milliard kub metr tebigy gaz import edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar