Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň maslahaty

Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň ýörite maslahaty öz işine başlaýar

141931
Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň maslahaty

Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň “Geljekdäki sebitleýin galkynyş üçin serişdeleriň ýüze çykarylmagy” temaly ýörite maslahaty Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagynda şu gün Stambulda öz işine başlaýar.
İki gün dowam etjek maslahata 70-den gowrak ýurtdan 600-e golaý ýokary derejeli ýolbaşçynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Erdogan tarapyndan açyljak maslahaty Premýer ministr Ahmet Dawutogly ýapar. Maslahat döwlet we hökümet başlyklary bilen birlikde Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Hoze Manuel Barrozu hem gatnaşar.
ÝB ministr Wolkan Bozkor hem “ÝB, goňşuçylyk we beýlekiler” temaly mejlisd dokladçy hökmünde çykyş eder.
Prezident Erdogan, Premýer ministr Dawutogly we ÝB ministri Bozkyryň maslahata gatnaşan döwlet we hökümet başlyklary, halkara guramalarynyn wekilleri hem-de ministrler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär.
Maslahatyň Türkiýäniň sebitindäki durnukly galkynyş, durnuklylyk we parahatçylyk ugrundaky tagallalarynyň güýçlendirilmegi barada pikir we tejribe alyşylmagyna şert döretmegi taýdan möhüm ähmiýete eýedigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar