Gaz krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edilýär

Taraplar gaz meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berlinde duşuşdy

141072
Gaz krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edilýär

Russiýa bilen Ukraina gaz krizisiniň çözülmegi üçin tagalla edýär.
Ukrainanyň gündogarynda ylalaşyk etaby durmuşa geçirilmäge çalşylýar.
Russiýa bilen Ukraina hem başga bir krizise sebäp bolan tebigy gaz meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berlinde duşuşdy.
ÝB-niň Energetika komisary Gunter Ottinger Ukrainanyň rus firmasy Gazproma üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 3 milliard 100 million dollar beren halatynda Russiýanyň ýaňadandan gaz akdyrmaga taýardygyny aýtdy.
Ottinger alynky tölegiň tölenmeginden soň Gazpromyň öňümizdäki aýlarda azyndan 5 milliard kub metrlik gaz berip biljekdigini ýatlatdy.
ÝB-niň Energetika komisary taraplaryň öňümizdäki hepde ýaňadandan duşuşmagy meýilleşdirýändigini belledi.
Russiýa Ukrainanyň bergisini tölemändigi sebäpli iýun aýynda gazy kesipdi.
Moskwa Ukrainanyň 5 million 300 million dollarlyk bergisiniň bardygyny habar berdi.
Tebigy gazynyň 15 göterimini Ukrainanyň üsti bilen Russiýadan alýan ÝB-ne agza ýurtlar mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar