Energetikada "ýel" tiz ösdi

Türkiýänin ýel energiýasy boýunça eýe bolan mümkinçiligi soňky 1 ýylda 35 göterim artyp, 3581 megawata ýetdi.

139619
Energetikada "ýel" tiz ösdi

Energetikada ýerli we täzeden işlenilip bilinýän çeşmelerin peýdalanylmagyny artdymagy maksat edinýän Türkiýe, ýelden energiýa öndürmegiň depginini güýçlendirýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda döwlet, hususy eýeçilik arkaly gurlan 47 sany ýel energiýa bekedini güýje girizdi. Şeýlelikde elektrik togunda 68 müň megawata barabar bolan jemi önümçiligiň 5 görterime golaýy ýelden alyndy.
Türkiýede geçen ýylyň awgust aýynda ýel energiýasynyň bar bolan güýjüne 27 megawat goşulan bolsa, 2014-nji ýylyň awgust aýynda şol san 6 esseden ýokary geçip, 170 megawata deň boldy.
Türkiýede iň köp ýel bekedi Ege sebitinde ýerleşýär.
Ýel energiýasyndaky bar bolan mümkinçilige welaýatlara görä seredilende bolsa Balykesir birinji ýerde durýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar